Use APKPure App
Get Uruş döwrüniň oglany old version APK for Android
Bu powest meniň özüm hem öz deň-duşlarym hakynda.
Iňňän uzakda, Garagumuň eteginde, Murgap derýasynyň çägä siňip gidýän ýerinde meniň eneden doglan obam ýerleşýär. Ol oba meniň şu eserimiň gahrymanlarynyň ýaşaýan obasyna diýseň meňzeş. Üsti keçe-durluk bilen basyrylan, ak gamyşly gara öýler, baryp-ha heniz men döremänkäm gurnalypdyr. Ýöne olar şu wagtam iki boýy tally ýabyň ýeňsesinde uzyn hatar bolup otyrlar. Sebäbi, nirede suw bolsa, şol ýerde-de ýaşaýyş bar. Özge ýerde bilemok, bizde-hä şeýle.
Men döwletli hasap edilýän maşgalada dogulsam-da, gün-güzeranymyzyň weji ýokdy. Sebäbi, 1934-nji ýylda, ýaňy dört ýaşym dolanda kakam ýogaldy. Ylaýta-da uruş başlanansoň, günümiz kynaldy. Aýal doganlarym durmuşa çykyp, hersi bir ýere düşdi. Özümden uly ýalňyz erkek doganym Juma bolsa, on dokuz ýaşyny dolduryp-doldurmanka, fronta gitdi. Şeýdip, öz gahrymanym Kössegiň enesi bilen galyşy ýaly, bizem bir goly şikesli ejem ikimiz galyberdik.
Men, meniň dostlarym — ählimiz uruş döwrüniň oglanlarydyk. Ähli oglanlar ýaly, bizem oýnardyk, garagollygam ederdik. Ulular bilen işlärdik, gaýgy-gussany-da deň paýlaşardyk.
Frontdan ýygy-ýygydan ajy habarlar gelerdi. Agam Juma hem obadan iňňän uzakda, Wolhow frontunda söweşip ýören mahaly dereksiz ýitdi. Hat gelmesi kesilensoň, ejem ikimiz köp garaşdyk, telim ýola ejem ökde mugallymlara hat ýazdyryp, sorag-ideg etdirdi. Ählisine «ýitirdik» diýen jogap geldi.
Günler geçip durdy. Men on iki ýaşymda kolhozda işläp başladym. Okuwy bolsa faşistleri ýeňenimizden soň dowam etdirmegi ýüregime düwdüm. Hakykatdanam, men uruş gutaranyndan soň, Mary şäherindäki peduçilişşäni gutardym. Bir ýyl mugallymçylyk etdim, soňra uniwersiteti gutardym.
Ýazmaga haçan başlanym ýadymda ýok, ýöne ugurly-ugursyz goşgularyň her günde telimsini ýazardym. Sebäbi meniň ýaşymdakylaryň ählisi goşgy goşmagy gowy görýär. Biziň halkymyza şahyrana halk diýilmesi hem şoň üçin bolsa gerek.
Kiçeňräk hekaýalarym, goşgularym çap bolup ugransoň, körpelere öz çagalygymyz barada giňräk gürrüň beresim geldi. Şeýdibem, şu powestiň birinji bölümi döredi. Ol «Uruş döwrüniň oglany» ady bilen 1966-njy ýylda özbaşdak kitap bolup çykdy. Respublikan konkursda 3-nji baýragy aldy. Okyjylardan gelýän hatlar kitaby halandyklaryny aýan etdi.
Eýsem-de bolsa meniň bu powestiň yzyny ýazma niýetim ýokdy. Dogrymy aýtsam, 2-nji kitap, 3-nji kitap diýip süýndirip otumagy özümem halamokdym. Emma bu powestiň ilki Moskwada rus dilinde çykmagy, soňra ukrain, moldawan we ýene birnäçe dillere terjime edilmegi bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinden hatlar gelip ugrady. Ol hatlaryň aglabasynda powestdäki dört ýetimiň: Çary, Daňňy, Kössek hem Mişa dagynyň uruşdan soňky ykballary soralýardy.
Elbetde, urşuň gutaraly bäri otuz ýyldan hem gowrak wagt geçdi. Meniň gahrymanlarymyň her biri telim çaganyň atasy boldy. Dyzlaryna agtyjaklaryny mündüler. Indi olar barada gürrüň berip otursam, sizi gyzyklandyrarmyka beri? Men şu alasarmyk pikirlerde gezip ýörkäm, bir gezek öz çagalygymyň geçen obasyna gezelenje baranymda, otuz bäş ýyldan soň Mişa-şokoladyň Leningraddan (ol indi Mihail Antonowiç bolupdyr, uly zawodyň inženeri) uruş döwri özüniň ýaşap giden obasyny görmäge gelenini, çagalary bilen bir hepdeläp biziň obamyzda myhmançylykda bolanyny aýtdylar. Şol hem meniň täzeden galama ýapyşmagyma, powestiň 2-nji bölüminiň döremegine sebäp boldy. Siziň halajagyňyzy-halamajagyňyzy bilemok. Ýöne bu powest hem 1978-nji ýylda geçirilen respublikan konkursda baýrak aldy.
Men powestiň ikinji bölegine «Arkadagym — agtyklar» diýip at goýdum. Gürrüň bermek gezegini hem uruşda wepan bolan atalarynyň adyny göterýän agtyklaryna berdim. Çünki atalaryň däbini ogullary, agtyklary ýöretmeli ahyry. Şeýle dälmi?
Last updated on Apr 25, 2018
Täze wersiýa.
اپ لوڈ کردہ
محمد سالم القاصى
Android درکار ہے
Android 1.6+
کٹیگری
رپورٹ کریں
Uruş döwrüniň oglany
1.1 by Dovlet
Apr 25, 2018